möçber

möçber
1) Bir zadyň ululyk ölçegi göwrümi.
∙ Eger demir gyzýan bolsa, onda onuň möçberi ulanýar. (S. N. Winogradow, A. F. KuzminLogika)
∙ Ýazyjynyň galdyran edebi mirasy özüniň möçberi boýunça onçakly uly bolmasa-da, onuň galamynyň astyndan çykan eserler ýokary baha mynasyp eserlerdir. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
2) Bir zadyň mukdary, sany.
∙ Ýeterlik möçberde mugalymlar-da, wraçlar-da we medeni işgärler-de peýda boldular. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Töwerek, çen, çak.
∙ Meniň daýhanlylyk edip ýörenime kyrk-elli ýyl möçberi boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
4) Aýtym, çäk, masştab.
∙ Ol öz bitiren işi bilen respublikamyzyň möçberinde tanalýar.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»